1

Türkmenistanda ilkinji gezek üç aýyň içinde hiliň toplumlaýyn dolandyryş ulgamy işlenip düzüldi we girizildi. Bu ýagdaý “Maslahatly çözgüt” hojalyk jemgyýeti üçin hem täzelik boldy. “Kärhanamyz üçin esasy ýörelgeleriň biri – müşderileriň gyzyklanmalarynyň üns merkezinde bolmagydyr”. Müşderilerimiziň köpüsi halkara standartlar ulgamynyň şahadatnamalaryny almaklyga isleg bildirdiler we taslamany alyp barmaklyga we ISO standartlarynyň girizilmegine gatnaşmaga çagyrdylar.

Müşderilerimiziň isleglerini göz öňünde tutup, maslahatçylary taýýarladyk, okuwlar geçirdik, ISO 9001 — hil dolandyryş ulgamy, ISO 14001 – daşky gurşawy goramagy dolandyryş ulgamy, ISO 45001 – saglyk goramak we zähmet howpsuzlygy ulgamy (ISO standartlaryny girizmek) boýunça ýörite daşky geňeşçileri çekdik. ISO halkara standartlarynyň ýörelgeleri, müşderilerimize bildirýän gymmatlyklarymyz bilen birmeňzeş diýen netijä geldik.


ISO-ny girizmek boýunça işläp başlan ilkinji kärhanalarymyzyň biri, gämi abatlaýyş, ýokary basyş ulgamynda hyzmatlar we IT hyzmatlary bermekde köpugurly hyzmatlary hödürleýän “Ynamly ýol hyzmaty” kärhanasy boldy.

1
“Ynamly ýol hyzmaty” hususy kärhanasyna ISO standartlaryny girizmek boýunça alynyp barylan çäreler

ISO standartlaryny durmuşa geçirmek üçin taslamalaryň köpüsi alty aýdan bir ýyla çenli dowam edýär. Biziň maksadymyz üç aýyň içinde ISO standartlarynyň üçüsiniň toplumlaýyn dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmakdy – diýip, “Maslahatly çözgüt” kärhanasynyň direktory Arslan Joraýew gürrüňdeşlikde aýty.

20221129 112237
Toplumlaýyn dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmakda işleriň yzygiderligi

“Biz taslamany iki ugura böldük:

1 – ISO standartlaryny girizmek boýunça maslahatlar.
Maslahat beriş işleriniň bir bölegi hökmünde ISO standartlarynyň göniden göni talaplary boýunça ýörite okuwlary we audit geçirdik şeýle-de biz tarapyndan işleriň we tapgyrlaryň resminamalaşdyrylyşy göz öňünde tutuldy.

2 – Türkmenistanyň kanunçylyk namalary

ISO standartlarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmesinde bu esasy tapgyrlaryň biri bolup durýar.

Halkara ülňüleriniň talaplary ýerli kanunçylyga ters gelmeli däldir.

Entäk ýaş kärhanamyzyň tapawutly aýratynlygy, kärhanamyzyň beýleki kärhanalarda we degişli guramalarda işlän geňeşçilerini işe almagy we olarda kärhanany hem-de taslamalary garaşsyz dolandyrmakda amaly tejribesiniň bolmagydyr. ISO standartlaryny girizilende bizi tapawutlandyrýan zatlaryň ýene biri bu Türkmenistanyň zähmeti goramak, işgärleri dolandyrmak we işgärler bilen baglanyşykly kanunçylyk işlerine aýratyn uly üns bermegidir » — diýip Joraýew Arslan sözüniň üstini doldy.

IMG 20221208 113247
Zähmeti goramak ugryna degişli çäreler

“Maslahatly çözgüt” hojalyk jemgyýetiniň örän ýaş kärhana bolmak bilen öz işini (ISO standartlaryny girizmek hyzmatlary) 2022-nji ýyldan bäri alyp barýar.


Kärhananyň tejribeli maslahatçylary, halkara standartlaryny girizmek bilen dolandyryş boýunça islendik kyn meselelerden baş alyp çykýalar, amaly tejribäni ulanmak bilen düzgünnamalary, buýruklary taýýarlamakda žurnallary we resminamalary doldurmakda ýöretmekde maslahatlary berýärler. Esasy belläp geçmeli zatlaryň biri hem Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň talaplaryna laýyklykda 3 aýyň dowamynda ISO standartlarynyň kärhananyň düzümine girizýärler.