Şu gün Harman Consulting we Maslahatly çözgüt kärhanalary bir wagtyň özünde iki sany çäre geçirdiler. Birinji çäre ýer titreme we tebigy hadysalar ýüze çykanda özüňi alyp barmak boýunça gözükdirmeden ybarat boldy ikinji çäre bolsa ýangyn dörände özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça geçirildi.
Birinji ýagdaýda kärhananyň jogapkär işgäri Omar Baýgeldiýew tarapyndan gözükdirme geçirildi. Omar tebigy betbagtçylyk we hadysalar näme we ýer titreme dörän wagtynda özüňi nähili alyp barmalydygy barada gysgaça gürrüň berdi. Hereket etmek boýunça birnäçe görnüşli teklipler berildi we geljekde tejribede ulanmak üçin bularyň ählisi surata düşürilip wideo ýazgy edildi.
Türgenleşikler geçirildi we işgärler iş stollaryny gaçalga hökmünde ulandylar, käbirleri gapynyň çarçuwasynyň aşagynda bosagada durdylar (bu ýeri hem howpsyz hasaplanylýar).
Bu ýörite hereketler tebigy hadysalar ýüze çykanda hereket etmek boýunça başarnyklary ele almak üçin geçirilýär.
Çäreleriň ikinji tapgyry ýangyn ýüze çykanda hereket etmek boýunça taýýarlygy kämilleşdirmeklige bagyş edildi. Şeýlede ýangyn dörände özüňi nähili alyp barmalydygy barada, binanyň niresinde ewakuasiýa çykalgalarynyň ýerleşýändigi barada gürrüň berdili we ewakuasiýa etmek boýunça çyzgy meýilnamasy görkezildi. Şeýlede ýangynda özüňi nähili alyp barmaly we ýangyn söndürijini nähili ulanmalydygy barada gözükdirme geçildi. Mundan soňra her bir işgär tarapyndan ýangyn söndürijiniň ulanylyşy barlanyldy. Bular haçanda ýangyn döräp howsalaly ýagdaý ýüze çykan ýagdaýynda, käbir hereketleriň adamda awtomatiki görnüşe gelmegini ýola goýmak maksady bilen ýerine ýetirildi.
Şular ýalak çäreler işgärler bilen yzygider geçirilip durylar. Hat-da kärhana öz işgärlerini iş saparyna ugradanda işgärleriň ählisi gözükdirme geçýärler. Bular üçin iş sapar döwründe işde hem-de ýolda özüňi nähili alyp barmalydygy barada ýörite gözükdirmeler döredildi, şeýle-de işgärler kärhananyň işewürlik bazarynda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça başdaky orunlary eýeleýänini göz öňüne tutyp adamlara bu işler boýunça maslahat bermekde ilkinji bolup özleriniň bu kada düzgünleri ýerine ýetirmelidigini doly düşünmelidirler. Indiki gezeklerde kärhana lukmandan öňki ilkinji kömegi bermek we ol ýa-da beýleki ýagdaýlarda özüňi alyp barmak boýunça çäreleri geçirerler.