Socset instrument dlya karery

Häzirki zaman dünýäsinde işgärleri we işleri gözlemegiň dürli görnüşleri bar. Gerekli hünärmenleriň ünsini çekmek üçin esasy gurallary biri hem-sosial ulgamlar. Şu günki gün sosial ulgamlarda ýa-da bloklarda şahsy sahypasy bolmadyk adama duşmak örän kyn.

Sosial ulgamlaryň kömegi bilen siz ähli tanyşlaryňyza belli bir wezipe üçin iş gözleýändigiňiz hakynda gürrüň beril bilersiňiz. Bu maglumat gyzykly bolaýjak adamlar bilen siziň ýakynlaryňyz paýlaşar – ynanaýyň, tüýs sizi gözläp ýören adam hökman tapylar!

Internetde ýerleşýän hünär tanyşlygy üçin dünýäniň uly ulgamlarynyň biri Linkedln bolup durýar. Onuň kömegi bilen size gabat gelýän iş ýa-da tejribe geçmek üçin kärhanany tapyp bilersiňiz ýa-da hünär gatnaşyklaryny gurmak we berkitmek we karýeraňyzda üstünlik gazanmak üçin zerur endikleri ösdürip bilerisiňiz.

Sosial ulgamlardan siz hakynda näme bilip bolýar?

Ilki bilen, işgärler siziň bilimiňiz we iş tejribäňiz bilen gyzyklanarlar, ýöne durmuş ýoluňyz hem onuň üçin az wajyp däl. Sahypaňyz şahsy gyzyklanmalaryňyzy we güýmenjeleriňizi görkezýär şeýle-de size öňki işiňiz, üstünlikleriňiz we başarnyklaryňyz barada hem aýdyp biler. Diňe internetiň üsti bilen, iş berijileriň siz hakda köp gyzykly maglumatlary ýygnap biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Köp ýagdaýlarda edil sosial ulgamlardaky suratlar zerarly iş beriji iş gözleýjiden ýüz dönderýän wagtlary ýygy ýygydan ýüze çykýar: Rezýumeňizi sahypalara ýerleşdireniňizde, potensial iş berijiniň hökman siziň we beýleki sahpyaňyza hem seredjekdigini ýadyňyzdan çykarmaň, eger-de ol ýerde gezelençli şagalaňlarda düşülen suratlary, teswirlerini, diwaryňyzdaky ýazgylary görse, bu zatlaryň bellenilen wezipä geçmekde kömek berjegi gümana. Gowsy maşgalaňyz öz çagalaryňyz bilen düşülen suralary goýuň (bu jogapkärçiligiň görkezijisi).

Siziň hünär görkezijileriňizi, iş tejribäňizi, görkezýän sapyha has maksadalaýyk bolar şeýle-de ol ýerde öz hünäriňize degişli okuw toparlara gatnaşygyňyz öňki işlän ýerleriňizden seslenmeler ýerleşdirilmeli. Hökman aragatnaşyk üçin serişdeleri sizi tapmagyň ugurlaryny görkeziň (telefon belgi, e.mail.skype).

Iş beriji, öz gezeginde, boş iş üçin ýüz tutanlar bilen şahsy duşuşyklara we gepleşiklere wagt ýitirip bilmez, rezýume gözlemek we sahypaňyza seretmek ýeterlikdir, bu söhbetdeşlikden başga-da köp zat aýdyp berer.

Sosial ulgamlar dogry ulanylanda gural hökmünde ulanylyp bilner. Gowy ýazylan rezýume alanymyzda, rezýumeleriň sizi işe almak üçin ýazylandygyna düşünýäris. Şoňa göräde owadanlaýarlar. Iş beriji dalaşgäri görmezden ony internetde tapýar we sahypasy bilen tanyşmak arkaly o hakynda, ilkinji pikiri kemala gelýär.

Inçe hünäriňiz ýa-da käbir seýrek duş gelýän başarnyklaryňyz bar bolsa, sosial ulgamlar arkaly iş tapmak siziň üçin orän amatlydyr.

 

Websaýtyň bu bölümi USAID-iň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa taslamasynyň çäginde işlenip düzüldi. Maglumat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) üsti bilen Amerikanyň halkynyň goldawy bilen döredildi. Onuň mazmuny boýunça jogapkärçilik Winrock International guramasyna degişlidir we USAID-iň ýa-da ABŞ hökümetiniň resmi pikirlerini beýan edýän däldir.