KidsExpo – Все для детей

Harmanconsulting we TurkmenExpo topary bilelikde "KidsExpo - ähli zat çagalar üçin" atly Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň guramaçylyk işleri boýunça maslahat geçirýär. Guramaçylyk we taýýarlyk işleri eýýäm birnäçe wagt bäri dowam edip gelýär. Maňa hem bu döwlet derejesindäki çäräni guramaga gatnaşmak nesip etdi. Halkymyza we mähriban körpelerimize ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary sowgat etmek üçin we ýurdumyzyň ykdysady ösüşini dünýä döwletlerine tanatmak üçin elimizden gelenini gaýgyrman zähmet çekýäris. Galyberse-de, sergi-ýarmarkanyň ýetip gelýändigini ýatlatmak bilen, ähliňizi gatnaşmaga çagyrýarys!

 

KidsExpo – Все для детей
"KidsExpo - ähli zat çagalar üçin"