111
[imh_6310_image_map id=»2″]

Biziň reýtingimizde hödürlenýän agentlikler işgärleri gözlemek we saýlamak boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda. Biziň taýýarlan reýtingimiz, ygtybarly işewür hyzmatdaşyňyza öwrüljek, mynasyp işgärleri gözlemek boýunça degişli agentligi saýlap seçmäge kömek eder diýip umyt edýäris.

Kadrlar agentliginiň aragatnaşyk maglumatlaryna, geomaglumatlara, solsial ulgamlardaky sahypalaryna we internet saýtlaryna salgylanmalar aşakdaky salga geçilenden soňra ýörite sahypalarda görkeziler.

Sanawymyzda görkezilen kadr agentlikleri, hyzmat ediş bazarynda uzak wagtyň dowamynda öz hyzmatlaryny ýerine ýetirip gelýärler. Olaryň hemmesiniň täsirli tejribesi bar we müşderileriň arasynda muny subut etdiler. Biziň reýtingimizden kadr agentligini saýlanyňyzda, islendik ugurdan ýokary hünär derejeli hünärmenleriň saýlanjakdygyna doly ynanyp bilersiňiz: ýokary derejeli menejer, ýolbaşçy, menejer, programmist, buhgalter, lukmançylyk işgäri ýa-da başga bir inçe ugurly hünärmen, hut siziň talaplaryňyza we aýratynlyklaryňyza doly laýyk geler.

Bilimli işgärleri tapmak üçin gyssagly kömek gerek bolsa, reýtingimizden agzalýan kadr agentlikleriniň ygtybarly işgärlerinden kömek soramagyňyzy maslahat berýäris.  HR meseleleri boýunça iň başarnykly guramany saýlanyňyzda, web sahypasynda ýerleşdirilen bu edaralaryň müşderileriniň synlary size kömek eder. Bularyň hemmesi laýyk dalaşgärleri tapmaga kömek berer sebäbi teswirler we synlar hakyky adamlar tarapyndan ýazylýar. Her bir kadrlar agentliginiň kartasynda aragatnaşyk maglumatlary jikme-jik beýan edilen, şonuň üçin olar bilen özüňize amatly görnüşde habarlaşyp bilersiňiz.

Websaýtyň bu bölümi USAID-iň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa taslamasynyň çäginde işlenip düzüldi. Maglumat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) üsti bilen Amerikanyň halkynyň goldawy bilen döredildi. Onuň mazmuny boýunça jogapkärçilik Winrock International guramasyna degişlidir we USAID-iň ýa-da ABŞ hökümetiniň resmi pikirlerini beýan edýän däldir.