job interview candidate selection employment 342744 729

Hormatly okyýjylar, bu makalada biz söhbetdeşlik wagtynda özüňi alyp barmagyň düzgünler hakynda aýdyp geçmekçi. Duşuşygyň bütin dowamynda özüňi nädip mynasyp we sarpaly alyp barmaly. Bu siziň söhbetdeşiňiziňde uly täsir galdyrar we siziň üstünlik gazanmak ähtimallygyňyzy ýokarlandyrar. Edep terbiýäniň düzgünlerini bilmek we ony dogry ulanmaklyk size köp ýagdaýlarda peýda gazanmaklyga ýardam eder.
Şonuň üçin duşuşykdan öňürti, duşuşyk wagtynda we soňynda özüňi alyp barmagyň düzgünler bilen tanyşyň we olaryň nähili aňsatdygyna göz ýetiriň.

Näme geýmeli?!

• Hat-da duşuşyk resmidäl ýagdaýda geçýän bolsa hem, özüňiz hakynda gowy pikir döreder ýalak dereje lybasyňyzy saýlap alyň. Gowy geýinmek bilen siz diňe bir öz hormatyňyzy görkezmek bilen çäklenmän, eýsem duşuşyk geçýän adamda gowy täsir galdyrýarsyňyz.
— Eger siziň işiňiz ofis işi bolsa, erkek adam üçin däp boluşy ýalak kastýum jalbar we boýunbag. Egerde resmi işlere degişli bolmasa, onda erkin stil ýagny jins balak we adaty geýimler.
— Aýallar üçin üýtgeşik stil: kastýum jalbarly hem bolsa bolýar, nepis köýnek ýa-da ýubka bilen bleýzer hem bolup biler. Saçlary tertipli daralan ýa-da yzdan daňylan, manikýur welin reňksiz bolmaly

Söhbetdeşlige haçan gitmeli:
Söhbetdeşlige taýýarlyk görmek üçin siz bellenen ýere azyndan 10-15 minut öňünden gelmeli şonuň üçin ol ýere ugranyňyzda bellenen ýere barýançaňyz sarp ediljek wagty hem göz öňünde tutmaly. Bu siziň gowy taýýarlygyňyzy görkezer we siziň bilen heniz duşuşmankalar siz öz taým-menejmentden ukybyňyzy görkezersiňiz. Galybersede bu ýönekeýje gowy terbiýäniň görkezijisi.

Öňünden:
Söhbetdeşlikde ilkinji gowy täsiri galdyrmak üçin sizde ortaça 30 sek wagt bolar, şonuň üçin muny göz öňünde tutyň. Ýanyňda siziň tejribäňizi görkezip biljek gerekli resminamalar, rezýume, zähmet depderçesi, maslahat beriş hatlary bolmaly. Eger siz dizaýner, suratkeş, sazanda bolsaňyz onda ýanyňyz bilen öz işleriňiziň elektron görnüşdäki nusgasyny alyň.
• Söhbetdeşiňize garaşýan wagtyňyz telefonyňyzy öçüriň, alada edip howsala düşmäň.
• Dik oturyp sabyrlylyk bilen garaşyň. Garaşyp otyran wagtyňyz kelläňizde, size beriljek soraglaryň jogaplaryny pikirleniň.

Dowamynda:
• Sizi çagyranlarynda ýylgyryp joşgun bilen giriň şeýdip siz özüňiz hakynda hoşniýetli we elýeterli adam diýen pikiri oýararsyňyz; göz üsti bilen baglanşyk hakynda hem unutmaň. El berip salamlaşyň we özüňizi tanyşdyryň.
• Söhbetdeşlige çagyrandyklary üçin söhbetdeşiňize gürrüňdeşligiň başynda we ahyrynda sag bolsun aýdyň, bu siz üçin hiç bahada degenok ýöne bu hakda ýatlarlar.
• Salamlaşyp hal ýagdaý soraşanyňyzdan soňra size oturmak hakynda haýyş edýänçäler oturmaň, haýyş edilmezden ozal oturmaklyk — gowy häsiýetdäl.
— Oturan wagtyňyzda ýanyňyz bilen getiren sumka/portfel ýaly zatlaryňyzy, oturgyjyň aşagynda ýa-da ýaňyzda goýuň
• Eger size suw berseler siz ony almaly, emma özüňiz size suw bermeklerini haýyş etmäň, bu gelişiksiz bolar.
• Bedeniň diline hem ünsli boluň, küýkerip oturmaklyk size bolup geçýän ýagdaýyň gyzyksyzdygy ýalak pikir döreder. Iki aýagyňyzy ýere degirip göni oturyň.
• Eger siz biri hakynda gowy bir zatlar aýdyp bilmejek bolsaňyz, gowsy gürlemän dymyň, sebäbi siziň geljekgi iş berijiňiz siziň beýleki adamlar hakynda gowy pikirde däldigiňizi bilmesin.
• Mylakatlylyk bilen söhbetdeşiňizi gepini jemlemäge beriň, sözüni bölmäň. Sizi gyzyklandyrýan soraglary berip bileriňiz ýalak, söhbetdeşiňizi adatça gürrüňdeşligiň soňynda birnäçä minut bölüp aýyrýar.
• Sorag bermäge gorkmaň.
— Söhbetdeşlik diňe bir olaryň siz hakda bilmegi üçin niýetlenmän eýsem siziň hem olar hakynda bilmegiňizi üçin gurnalýandyr. Olar sizi öwrenýan wagty, siz olaryň dolandyryşynyň görnüşini, iş ýagdaýyny we kärhananyň içinde ösmek üçin mümkinçiligiň barlygy ýa-da ýoklygy hakynda bilip bilersiňiz. Azyndan 2-3 sany sorag berilse has ýerlikli bolar eger sizde hiç hili sorag bolmasa, söhbetdeşiňizde bu iş orunyň, size gyzyklydäldigi barada pikir döremegi ähtimal. Eger siz sawut işleri bilen meşgullanan bolsaňyz, onda siziň gepleşik saklap bilişiňize üns ederler.

Ýene bir esasy zatlaryň biri hem – emosiýalaryňa erk edip bilmeklikdir.

headhunters interviewing female job candidate 1163 4674
Belki söhbetdeşligi ussat hünärmen geçirmezligi mümkin we ondan takyk soraglara garaşmak hem gerek bolmaz. Bu ýerde gaty görmek gerekdäl-de, soraglary rahat kabul etmeli. Soraglara takyk hem-de düşnükli jogap bermeli. Gereksiz sözleri aýtmakdan saklanyň. Hakyky işewür adam sizden takyk jogaplara garaşar. Mälim boluşy ýalak jogap bolmasa iş bolmaz. Elbetde maşgala ýagdaýyňyz barada hem soraglar bolar. Bu soraglardan gormak gerekdäl.
Sagbollaşmak:
• Gaýmazdan ozal ýylgyryş bilen, şu iş barada nä derejede gyzyklanýandygyňyz barada ýene bir gezek aýdyň, el gowşuryp ýene-de bir gezek minnetdarlygyňyzy bildiriň.
• Binadan çykýançaňyz telefonyňyzy açmaň.

Soňra:
Hatda tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman dünýäsinde, henizem hat üsti bilen minnetdarlyk bildirmeklik wajypdyr, “bildiren wagtyňyz üçin minnetdar”. Hatda siz işe alynmasaňyzam, sizi ýatda saklarlar we geljekde beýleki wezipeler üçin göz öňünde tutarlar.
(Söhbetdeşligiň ähli tapgyrlary özümde barlanyp görüldi)

 

Websaýtyň bu bölümi USAID-iň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa taslamasynyň çäginde işlenip düzüldi. Maglumat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) üsti bilen Amerikanyň halkynyň goldawy bilen döredildi. Onuň mazmuny boýunça jogapkärçilik Winrock International guramasyna degişlidir we USAID-iň ýa-da ABŞ hökümetiniň resmi pikirlerini beýan edýän däldir.