BIM tehnologii i ih neobhodimost

BIM-tehnologiýalary ýaşaýyş jaýlarynyň, taslama maliýeleşdyrmasyndaky howplary aradan aýrymaga kömek eder.

“BIM” bolanda näme bolýar?!

BIM – (Building Information Modeling ýa-da Building Information Model – Maglumat bilen modelirlenen desga ýa-da desganyň maglumat modeli) – bu desganyň diňe bir geometriki çyzgysyny öz içine alman, eýsem desganyň fiziki we funksional häsiýetleriniň sanly göz öňünde tutmasy bolup durýar. “BIM” desga barada maglumatlary, aýry aýry bölekleri baradaky ýagdaýlary, geografiki ýerleşişini, bezeg aýratynlygyny we beýleki maglumatlary şol sanda desganyň daşky gurşawa täsiri we daşky gurşawyň desga etýän täsiri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Bu maglumatlaryň hemmesi tehniki-ykdysady görkezijileri we desganyň beýleki häsiýetleri bilen birlikde, bir görkezijisiniň üýtgedilmegi bilen beýleki görkezijileriň ählisiniň gaýtadan awtomatiki hasaplanmagyny alyp barýan maglumat modelini emele getirýär.
Gurulýan desganyň seljeriş we gözegçilik ediş işlerinde “BIM” tehnologiýalarynyň ulanylmagy işiň hilini ýokarlanmagyny üpjün etýär we taslama boýunça işi has aýdyňlaşdyrýar şeýle-de taslamanyň özüni dolandyrmaklyga has oňaýly etýär bu bolsa öz gezeginde serişdeleri tygşytlamaga ýardam berýär.

Bilermenleriň bahasyna görä bu tehnologiýanyň kömegi bilen şu aşakdaky görkezijileri gazanmak bolar
Şeýle-de bilermenleriň pikiri boýunça “BIM” tehnologiýalary taslama döwründäki býujet ýalňyşlyklaryny dört esse azaltmagyna ýardam edýär, taslamanyň inwestisiýa döwrüni 50% çenli azaltýar, gurluşygyň möhletini 20-50% çenli azaltýar, ulanyş hem-de gurluşyk üçin çykdajylary 30% çenli azaltýar.

Bim tehnologiýalarynda taslamada bir wagtyň özünde binagärler, inžener konstruktorlar, inžener ulgamynyň taslamaçylary, çenlik (smeta) bölümi, taslamanyň ýolbaşçylary, gönümel gurluşykçylar hem-de buýuryjynyň özi şol bir wagtyň özünde dürli ýerlerden seredip hem-de berilen ygtyýarlyga laýyklykda belli üýtgeşmeleri girizip bilýärler. Taslamanyň bir wagtyň özünde 2d we 3d görnüşde ýerine ýetirmäge mümkinçlik, şol desga baradaky wizual we beýleki taraplardan maglumatlary bilmeklige we zerur bolan ýagdaýynda üýtgeşmeleri girizmeklige ýardam berýär.

Maglumat modelleriniň döretmeklik we olary seljermek üçin dürli kärhanalaryň programma üpjünçilikleri galyberse-de bu ugurda baş orunlary eýeleýän Autodesk kompaniýasynyň önümleri ulanylýar. Bu kärhananyň çözgüdi “Senagat we raýat jaý gurluşygy üçin toplama” atly programma üpjünçiliginiň birnäçesiniň jemi bilen ýygnalan. Revit programma üpjünçiligi hem häzirki wagta ýörgünli programma üpjünçilikleriniň biri bolmak bilen olar hem öz gezeginde Revit Architecture, Revit Structure, Revit MEP we ş.m. görnüşlerine bölünýär we bu programmalarynda ýerine ýetirilen taslamalar Revit server-de jemlenilýär we WAN global ulgamynyň kömegi bilen taslamanyň üsti bilen diňe bir ýurtda däl eýsem daşary ýurtlar bilen hem bilelikde işlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa eýýäm taslamanyň irki döwürlerinde dürli kemçilikleri we beýleki maglumatlary, dizaýnyna we desga babatyndaky soraglary ýüze çykaryp olaryň öňüni almaga şert döretýär.

BIM

Şu aýdylanlary jemlemek bilen BIM tehnologiýalar gelejekde adamzadyň durmuşyny has-da gowulandyrmak gurluşykçylaryň, binagärleriň we dizaýnerleriň işini ýeňilleşdirmek üçin ulanyljak tilsimatlaryň esasylarynyň arasynda orun tutar diýip ynam bildirýäris.

Wepa Hommyyew