Startap-ekoulgam 2024-2025

Üstünlik gazanmak we öz innowasion biznesiňizi döretmek isleýärsiňizmi? “Startap-ekoulgam 2024-2025” milli maksatnamasynyň gatnaşyjysy boluň!

Biz bilen, Siz özboluşly işewürlik ideýaňyzy emele getirmek we ösdürmek, iş ýüzünde synagdan geçirmek we bazarda önümleri we hyzmatlary satyp başlamak üçin zerur bolan bilimleri we amaly endikleri alarsyňyz. Gatnaşýanlary kabul edişlik 2024-nji ýylyň 25-nji sentýabryndan başlanýar. Tejribeli tälimçiler we halypalar 2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli ýörite taýýarlyk okuwyny geçirerler. Jemleýji tapgyrlarda iň gowy startaplary goldamak üçin ýerli we daşary ýurt maýadarlary çekiler. Guramaçylar: Türkmenistanyň Bilim ministrligi we “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” Maksatnamanyň hyzmatdaşlary: “Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri” milli jemgyýetçilik bileleşigi we “Startap Merkezi”, JB “Maslahatly çözgüt” we JB “Export konsalting” işewürlik inkubatorlary.

Maksatnama barada gysgaça maglumat

“Startap-ekoulgam” maksatnamasy ýurdumyzda 2020-nji ýyldan bäri geçirilýär. Maksatnamanyň kömegi bilen ýurtda akselerasiýa bazary ösýär we işewür-inkubatorlar döredilýär. Türkmenistanyň ähli sebitlerinden 530-dan gowrak ýaşlar öz startaplaryny işläp taýýarladylar, olardan köpüsi häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýetinde üstünlikli işleýärler. 2024-2025-nji ýyllarda bu maksatnama, ýurduň ýokary we orta ýörite bilim edaralarynda okaýan ýaşlaryň arasynda startap-hereketini we ýaşlaryň innowasion telekeçiligini ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem, “Startap-ekoulgam” gyzyklanýan ýaşlaryň giň topary üçin hususy işewürlik-inkubatorlarynyň milli bazaryny ösdürmegi dowam etdirýär. Maksatnama türkmen we rus dillerinde geçiriler. Oňa ýurduň ähli sebitlerinden 16-35 ýaş aralygyndaky ýaşlar çagyrylýar. Maksatnama kabul edilişik söhbetdeşlik arkaly ýörite iş topary tarapyndan geçirilýär. Maksatnama gatnaşmak üçin şu ýylyň 20-njy oktýabryna çenli aşakdaky salgylanma boýunça onlaýn-anketany dolduryp, arza berip bilersiňiz: https://forms.office.com/r/zHmZAsmmrd +99371400259 telefon arkaly ýa-da ja.turkmenistan@gmail.com. elektron poçta boýunça maglumat alyp bilersiňiz. +99371400259 или по электронной почте ja.turkmenistan@gmail.com.