1946-njy ýylda London şäherinde (Angliýa) 25 ýurtdan 65 delegat ýörite maslahata gatnaşdylar bu halkara derejesinde geçirilen maslahatda Halkara standartlaşdyryş guramasyna öwrülen standartlaşdyryş guramasyny döretmek boýunça işleriň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşyldy, Bu şanly maslahatyň netijesinde ISO gurmasynyň resmi taýdan döredildi. 1947-nji ýylda komissiýa 67 sany dürli tehniki komitet (şol sanda iş ugurlarynyň tassyklanan ugurlary boýunça hünärmenleri hem goşuldy) girdi.
1952-nji ýylyň maý aýynda dürli standartlar, agzalar baradaky maglumatlar we guramadaky administratiw üýtgeşmeler baradaky maglumatlary öz içine alýan žurnalyň işine badalga berildi.
Emma guramanyň hakyky ykrar edilmegi Baş sekretar Olle Sturreniň ISO-nyň halkara guramasy öwürmek baradaky wezipesini goýanyndan soňra 1970-nji ýylda başlandy, , netijede Awstraliýa, Ýaponiýa we Hytaý ýaly ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagy gazanyldy we guramanyň sekretariatynyň düzümi 25 milletden düzülen halkara gatnaşyjylardan ybarat boldy.
1947-nji ýyldan şu güne çenli Halkara standartlaşdyryş guramasy 163 agzalary özünde jemledi we 21000-den gowrak standartlary hasaba aldy.