Meşhur bir jümle bar: «Arzuwlaryňyzdaky işe giriň we ömrüňiziň bir gününde hem işlemeli bolmaz». Munuň bilen ylalaşýarys, ýöne … arzuwlaryňyzdaky işi saýlamazdan ozal, islenmeýän netijeleri aradan aýyrmak üçin işe ýüz gireniňizde töwekgelçilikleri göz öňünde tutmalysyňyz.
Biz bu makalada üns bermäge degişli bolan esasy töwekgelçilikleri we olaryň ýetirip biljek netijelerini taýýarladyk. Bu ýa-da beýleki töwekgelçilikler, iş berijiniň käbir häsiýetleri bilen gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn baglanyşyklydyr. Olar bilen iş salyşmagy we düşünmegi aňsatlaşdyrmak üçin mümkin bolan töwekgelçilikleri kanuny we guramaçylyk meselelerine bölýäris.
Hukuk töwekgelçilikleri
1-Zähmet şertnamasy baglaşylmazdan iş işi.
Iş beriji zähmet şertnamasyny baglaşmagy teklip etmeýän bolsa gowy pikirlenmek gerekdir. Zähmet şertnamasy işgär bilen iş berijiniň arasyndaky jedelleri çözmek üçin möhüm resminama bolup hyzmat edýär. Işgäriň zähmet şertnamasyny baglaşmazlygynyň netijeleri nähili bolup biler: aýlyk haklary baradaky kanunlarda kepillikleriň bolmazlygy, önümçilikde şikes ýeten halatynda öwezini dolmakda kynçylyklaryň döremegi, tölegli rugsadyň bolmazlygy we kesel rugsadyndan mahrum bolmak, bank karzy almakda kynçylyklaryň döremegi.
2- «Gara» we «çal» iş shemasy
Kärhanalaryň köpüsi «ak» görnüşde işlemegi makul bilýärler. Şeýle-de bolsa, salgytlary tygşytlamak üçin kanuny äsgermezlik edip, aýlyk zähmet haklaryndan başgada zähmet haklaryny töleýän kompaniýalar bar. Işçini bu ýol bilen has köp aljakdygyna ynandyrjak bolýarlar. Şeýle hem iş beriji aýlygy ak-gara bölmegi teklip edip biler. Şeýle shema çal diýilýär. Ýagny, işgäriň aýlygynyň bir bölegini resmi, galan bölegini bolsa gara shema laýyklykda alýar.
Netijeler: bu ýagdaýda işgäriň pensiýa gaznasyz galmak töwekgelçiligi ýüze çykýar. Iş beriji islendik wagt zähmet hakyny tölemekden boýun gaçyryp bilýär. Bu ýagdaýda işgär öz hukugyny hiç hili subut edip bilmez, sebäbi işgäriň näçeräk zähmet hak alýandygy barada resmi resminamalar bolmaz.
3-Tölegsiz iş
Islendik zähmet tölegli bolmaly. Şeýle-de bolsa, iş beriji işgäriň tejribesiniň ýokdugyna ýa-da hünär ussatlygyny barlamalydygyna esaslanyp, işgäri tölegsiz wagtlaýyn işlemegi teklip edip biler.
Netijeler: iş beriji haýsydyr bir sebäbe görä işgäriň bize laýyk däldigini öňe sürüp, ilkinji aýda size töleg bermekde garşylyk bildirip biler.
Websaýtyň bu bölümi USAID-iň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa taslamasynyň çäginde işlenip düzüldi. Maglumat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) üsti bilen Amerikanyň halkynyň goldawy bilen döredildi. Onuň mazmuny boýunça jogapkärçilik Winrock International guramasyna degişlidir we USAID-iň ýa-da ABŞ hökümetiniň resmi pikirlerini beýan edýän däldir.