2 E0Ixm03

Internetde iş gözlemekçi bolýarsyňyzmy? Elbetde hawa, ýöne nädip netijeli etmelidigini bilýärsiňizmi? Internet gündelik durmuşymyza çalt girdi, şol sanda iş gözläniňde-de uly kömek berip biler.

Sanly gurşawda iş tapmagyň dürli ýollary bar we olaryň hemmesi biri-biriniň üstini doldurýar. Onlaýn iş gözlegiňizi kämilleşdirmek üçin has ýakyndan gözden geçirmek bilen birnäçe maslahat bermäge synanyşarys. Biz sosial ulgamlar, Linkedin, zähmet üpjünçiligi portallary, uzakdaky iş platformalary, onlaýn zähmet söhbetdeşlikleri we ş.m. hakda gürleşeris.

d7d75elffk

Gysgaça aýdanymyzda, taryhdaky iň uly maglumat çeşmesini: ýagny interneti ulanyp, ähli kişiniň öňde goýýan hünär maksadyna ýetmegi boýunça maslahatlar bereris.

Internetde iş gözlemek netijelimi?

Hawa! Siz öýden çykmazdan gysga wagtda arza dolduryp bilersiňiz.

Internet, onlaýn zähmet biržalary we sosial medialar işe ýüz tutmak prosesini düýpgöter üýtgetdiler. Az wagt mundan öň, iş gözleýän bolsaňyz, rezýumeni çap edip, kärhanalara baryp görersiňiz ýa-da boş ýerleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek üçin ýeke-ýekeden jaň ederdiňiz. Indi her bir gurama, iş boýunça mümkinçilik dörände internetda onlaýn mahabat berýär. Şeýle-de bolsa, internet iş ýerleriniň barlygyny we elýeterliligini örän amatly eden hem bolsa, bazary köp maglumat bilen doldurdy. Onlaýn iş gözlegi, iş gözleýänlere dürli mümkinçiliklere rugsat berýän gaty tertipli we täsirli bir prosese öwrüldi. Internetden peýdalanyp, hünär maksada ýetmek üçin näme edilmelidigini öwrenmek üçin tertibe laýyk geçeliň:

Internetda siziň bolmagyňyz

Iş berijiler sizi onlaýnda tapyp bilmeli, ýöne olaryň siz hakda öwrenýän zatlaryny yzarlamak hem möhümdir. Rezýume, potensial iş berijiniň ýa-da işe alýan adamyň sizi tapmagynyň ýeke-täk usulydyr.

LinkedIn ýaly platformalar, iş gözleg gurallaryňyzyň möhüm bölegi we zähmet ýolyňyz üçin ajaýyp başlangyç nokady. Işe alýanlaryň köpüsi, işiň açylandygyny eşidenlerinde platformany esasy gözleg guraly hökmünde ulanýarlar. Şeýle hem, iş gözleýän saýtda ýa-da tor sahypalarynda özüňiz üçin onlaýn profil döredip bilersiňiz, bu bolsa özüňizi mahabatlandyrmaga mümkinçilik berer, şeýle-de dolandyryjylar we işe alýanlar siziň bilen habarlaşyp bilerler.

Internetde öz hünär gatnaşygyňyzy nädip ýokarlandyrmaly?

Adyňyzy google-da gözläp näme tapylýanyny gözläp görüň.

Şahsy we köpçülige açyk sahypaňyzyň bolmagy barada pikirleniň.

Şahsy sosial media hasaplaryňyzy gözden geçiriň we şahsylaşdyryň. Ony köpçülige ýetirmek isleseňiz, sosial mediýada paýlaşýan zatlaryňyza gaty seresap boluň. Köpçülige paýlaşmazdan ozal iki gezek pikirleniň.

Hünärmen, gyzykly we degişli mazmuny yzygiderli ýerleşdirip, işewür sosial mediýaňyzda işjeň boluň. Döwrebap bolmaly, şeýle hem internetde köpçülige hödürlenýän maglumatlaryň iş perspektiwalaryňyza ýaramaz täsir etmejekdigine göz ýetiriň.

2. Özüňiziň hünär sahypaňyzy dörediň

Öz suratyňyz bilen rezýumäňizi dürli saýtlara ýerleşdirmek ýeterlikdäl;

Size şeýle-de pudagyňyzy bilmek we şol ugur boýunça talaplara laýyk gelmek üçin bilim endikleriňizi ýokarlandyrmak zerurdyr. Bu siziň iş gözlegiňizi azaltýar we söhbetdeşlige bolan mümkinçiligiňizi ýokarlandyrýar. Saýlan uguruňyza we guramaňyza eýeriň. Gysgaça terjimehal ýazyň we öz sahypaňyzda rezýumeňize döwrebap sözleri ulanmaklyga çalyşyň. Bu siziň goşundyňyzyň gerekligini we döwrebaplygyny saklamaklyga ýardam eder.

Gatnaşygy ýola goýuň we adamlaryň hereketlerine üns beriň.

Rezýumeňizi, LinkedIn profiliňizi we beýleki hünär profilleriňizi yzygiderli täzeläň. Profiliňiz esasy diňleýjilere laýyk gelse, täsiriňiz has ýokary bolar.

Häzirki wagtda işleýän bolsaňyz we iş berijiňiziň ýa-da işdeşleriňiziň başga zähmet üpjünçiligi boýunça mümkinçilikler gözleýändigiňizi bilmeklerini islemeýän bolsaňyz, profiliňize üýtgeşmeler girizeniňizde onlaýn işjeňligiňizi öçüriň.

3. LinkedIn-i iş gözlemek üçin ulanyň

Näme üçin hökman LinkedIn? — bu iş gözlemek üçin iň gowy ýer, sebäbi siz bu ýerde kärhanalar we iş berijiler bilen işjeň gatnaşygy ýola goýup bilersiňiz. Şeýlede iş üçin arza bermeklik üçin birnäçe bildiriş tagtalaryny ulanyp goşmaça işleri ýerine ýetireninden muny LinkedIn üsti bilen amala aşyrmak birnäçe esse aňsat. Eger boş iş orunlarynyň sanawynda «Arza bermek» diýip görkezilen bolsa, siziň bar etmeli zadyňyz, siz talaplara laýyk gelýänligiňizi barlamak, öz rezýumeňizi çatmak, ýenede bir gezek maglumatlaryňyzy barlamak we «ibermek» diýen dümäni basmak.

Bu bildirişler tagtasynynyň we kärhananyň boş iş orunlary sahypasynyň üsti bilen arza bereniňden gaty aňsat.

Bu şeýlede çekmekçilik üçin guraldyr. Mümkin bolan kärhana we rekrutorlar, potensial dalaşgärleri anyklamak we bazary öwrenmek maksady bilen makala ýazyp maglumaty çap edip bilýärler.

4. Öz brendiňizi dörediň

Ösýän bäsdeşligiň şertlerinde iş berijiler we rekrutorlar elmydama internetda täze talantlary gözleýärler. Tapawutlanmak üçin siz öz ösdürýän ugryňyzy ýokarlandyrmak üçin online-brendiňiziň bolmagyny hem isläp bilersiňiz. Eger sizi döwrebap maglumatyň ygtybarly çeşmesi we peýdaly adam hasap edilýän bolsaňyz bu gowy teklip.

Siz bulary edip bilersiňiz:

а-makalalary we bloklary ýazmak

b-podkastlara gatnaşmak

ç- sosial ulgamlarda döredijilik maglumatlaryny çap etmek. Beýlekilere kömek etmek we maslahat bermek üçin öz bilimleriňizi we ukyp başarnyklaryňyzy ulanyň.

d- soňky täzelikler we wakalar boýunça öz degişli ugurlaryňyz boýunça elmydama habarly boluň

e-soraglara jogap beriň we maglumatlaryňyz bilen paýlaşyň

5. Gözleg boýunça maslahatlar we bildirişler tagtasy.

Turkmenportal, Biznes Turkmenistan, Tmcars ýaly bildirişler tagtalary iş gözlenilende esasy tapgyrlaryň biri bolup durýar. Bildirişler tagtasyna tomaşa etmek üçin köp wagt sarp edilenden soňra siz işjeňlik bilen iş gözleýän ýalak görünmegi ähtimal. Emma munuň ýerine siz öz tejribäňizi ýokarlandyrmaklyga, gatnaşyklary ýola goýmaklyga we şahsy brendiňizi ýokarlandyrmaklyga wagt sarp edip bilerdiňiz.

Gözlegi adaptasiýalaşdyrmak üçin esasy sözleri ulanmak bilen siz gözlegi depginleşdirip bilersiňiz. Siz şeýle-de iş ornunyň adyny ýazyp haýsy ugurlar boýunça boş orunlar bardygyny anyklamak üçin hem gözleg edip bilersiňiz. Gözlegiň netijelerini kwalifikasiýa, zähmet haky, geografiki ýerleşiş we ş.m. süzgüçler arkaly çäklendiriň.

6. Öz beren arzalaryňyzy yzarlap duruň

Zähmet bazary bäsleşikli, iş berijiler her bir boş orun üçin ýüzlerçe arza alyp bilerler. Öz üstünligiňizi ýokarlandyrmak üçin we birnäçe iş orny üçin arza tabşyryň, talaplara laýyk gelýändigiňize ynamly bolsaňyz, öz rezýumäňizi bor iş ornyndaky wezipä we talaplara sazlaň.

Öňüňizde bir günlik ýa-da bir hepdelik maksat goýuň. Öz öňüňizde maksat we wezipeler goýmak bilen “işiňiziň gözlegi hakynda” pikir ediň.

Käbir ýagdaýlarda boş iş orunlary hakynda bildiriş bolmasa hem ýüz tutmaklyk hem kömek edip biler. Belki olar degişli boş iş orny hakyndaky maglumaty çap etmekligi indi meýilleşdirýändirler ýa-da çalt ösmek bilen tutanýerli talantlary gözleýändirler.

Öran ussat bolmaklyga çalşyň we mahabatlandyrýan ýazgy bolmasa hem, öz arzaňyzy sazlap näme üçin siz şo kärhana üçin gabat gelýändigiňizi görkeziň.

Iş beriji size jan edende taýýar bolar ýalak öz beren arzalaryňyzyň ýerleşýän tapgyry baradaky maglumatlary bilmek we ýatdan çykarmazlyk boýunça berilen arzalary yzarlamak boýunça öz usulyýetiňiz bolmaly.

Köp saýtlar olarda hasaba duranyňyzda muny etmeklige ýardam edýär şeýle-de käbir goşmaça programmalar bu işde size kömek berip biler. Hatda ýönekeýje tablisa bolsa hem bolar.

7. Networking onlaýn ýa-da oflaýn görnüşinde

Haçanda üstünlik hakynda gürrüň edilende networking örän wajyp ugurlaryň biri.

Iş berijiler öz toparyna beýleki adamlaryň tanamaýan adamsyny alanyndan öz torlarynda tanymalrak adam alanyny has gowy görýärler.

Haçanda adamlar networking barada pikir edenlerinde uly çärelere gatnaşmaklyk ýeterlikdir diýip pikir edýärler. Galybersede adamlar bilen gatnaşykda galmaklyk, täze adamlar bilen işden soň çärelerde tanyşmaklyk olar bilen futbol oýnamak ýa-da kafeda duşuşmaklyk gatnaşyklary dikeltmegiň iň gowy görnüşidir.

Networkin hem onlaýn görnüşe geçdi. LinkedIn ýaly onlaýn platformalarda menejerler ýa-da öňki tanyşlar bilen habarlaşmaklyk – gatnaşygy ýola goýmak we täze mümkinçliklerden habarly bolmak üçin gowy mümkinçlikdir.

LinkedIn we beýleki – iň gowy, güýçli we global sosial ulgamlar. Köp ýagdaýlarda bu uçurumlaryň ägirt uly gatnaşyk tory bolmak bilen siziň öňki mekdebiňiz/kollej/uniwersitetyňyz ýaly sosial toparlaryňyzdaky adamlar bilen gatnaşmagyňyz üçin mümkinçilik berýän ulgam bolup durýar.

Eger siz iş gözleýän bolsaňyz, bu barada tanyşlaryňyza hökman habar beriň sebäbi haçan nirede nähili mümkinçlik çykjagy belli däl.

Siz gatnaşygy ýola goýanyňyzdan soňra, bu adam barada ýazgyny hökman saklaň şeýle-de maglumatda ol adamyň wezipesini, işleýän kärhanasyny we senäni we ýerleşýän ýerlerini hem-de tanyşan platformaňyzy belläp goýuň.

8. Öz bilim derejeňizi ýokarlandyrmagy dowam ediň.

Zähmet bazarynda bäsleşige ukyplylygyňy saklamak üçin siz ösmegi we hünär derejäňiz üçin öz başarnyklaryňyzy barlamaklygy dowam etmeli.

Häzirki zaman zähmet bazarynda bir ädim öňde baryjylygy dowam etmek üçin köp tehniki online-endiklerden habarlydygyňyz barlaň.

Eger siz zähmet işinde täze adam bolsaňyz işe girmek üçin size goşmaça taýýarlyk ýa-da tejribe gerek bolar. Öz rezýumäňizde ýa-da profiliňizde göýberilen kemçilikleri anyklamak üçin Iş berijilerden alýan teklipleriňizi ulanyň. Hünär derejäňizi ýokarlandyranyňyzdan soňra hökman hünär profiliňyzy täzeläň.

Soňky pikirler.

Bir kemsiz işi gözlemeklik kyn wezipe ýalak görünip biler ýöne bu maslahatlar internetda üstünlikli iş gözlegini üpjün edip biler.

Diňe şu ýönekeý dört ädimi ýerine ýetiriň:

Sizi gyzyklandyrýan ugur barada we ol uguryň siziň brendiňize we profiliňize nähili derejede gabat gelýändigini barada pikirleniň. Internetda öz yzlaryňyzy arassalaň.

Eger siz adamlar bilen gatnaşýan bolsaňyz ýa-da olar bilen internetde habarlaşýan bolsaňyz onda gatnaşygy ýola goýup başlaň. Siz olara iş gözleýändigiňiz barada aýdyp bilersiňiz; ýatda saklaň, internetde gatnaşyk çäklendirilendir we size gatnaşyk üçin ýörite bir çäräniň bolmagynyň zerurlygy ýokdyr.

Öz rezýumäňizi we hünär profiliňyzy dörediň we tamamlanyňyzdan soňra siz arza bermeklige başlap bilersiňiz.

Bu işden baş alyp çykanyňyzdan soňra öz tanaýan adamlaryňyzyň sanawyny düzip we olar bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Ahyry öz işlemek isleýän kärhanaňyza ugur alyp öz brendiňizi döredip bilersiňiz.

Internediň üsti bilen arza bermegi öwreneniňizden soňra, söhbetdeşlikden geçmek boýunça biziň maslahatlarymyz bilent anyşanyňyzdan soňra, işe girmek barada teklip alyp bilersiňiz.

 

Websaýtyň bu bölümi USAID-iň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa taslamasynyň çäginde işlenip düzüldi. Maglumat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) üsti bilen Amerikanyň halkynyň goldawy bilen döredildi. Onuň mazmuny boýunça jogapkärçilik Winrock International guramasyna degişlidir we USAID-iň ýa-da ABŞ hökümetiniň resmi pikirlerini beýan edýän däldir.