Screenshot 2023 09 12 22 55 08 174 com.android.chrome

1-nji bölüm !!!

Eýeçiligiň görnüşine garamazdan edara kärhanalarda zähmet şertleriniň we olaryň adam saglygyna ýetirýän täsiriniň önümçiligiň wajyp ugurlarynyň biridigini bellemek bilen Türkmenistan ýurdumyzda, adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýan meseleleriň hatarynda durýandygyny nazara alyp, işiň dartgynlylygy, agyrlygy hem-de önümçilik gurşawynyň zyýanly we howply ýagdaýlarynyň görkezijileri boýunça zähmet şertlerine toplumlaýyn baha bermek, işgäriň saglyk ýagdaýynyň onuň zähmet şertlerine baglylygyny kesgitlemek üçin zähmet şertleriniň sanitariýa-epidemiologiýa häsiýetnamalaryny taýýarlamak, hünär bilen bagly töwekgelçilige baha bermek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň talaplaryna laýyklykda zähmet şertleri boýunça iş orunlarynyň hünär synagy geçirilýär.

Türkmenistanyň zähmet kodeksiniň 178-nji maddasyna laýyklykda Iş berijiniň zähmeti goramaky üpjün etmek boýunça borçlarynyň biri bolan “Zähmeti goramak boýunça kadalara we düzgünlere laýyk gelýändigini anyklamak üçin iş orunlarynyň hünär synagyny geçirmegi” Türkmenistanyň zähmet kodeksiniň degişli maddalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Birnäçe dogry soraglary goýmak bilen Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna laýyklykda zähmet şertleri boýunça iş orunlarynyň hünär synagy geçirmegiň tertibini şu makalada beýan edeliň.

Iş orunlarynyň hünär synagyny geçirmeklik näme üçi gerek?

Iş beriji zähmeti goramak boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda zähmetiň şertlerine baha bermek maksady bilen iş orunlarynyň hünär synagyny geçirmelidir. 320-nji maddasy.

Hünär orunlarynyň synagynyny kim geçirýär?

Kärhanada azyndan bäş adamdan ybarat hünär synagy topary döredilip, onuň düzümine zähmeti goramak, zähmeti guramak we zähmet haky gulluklarynyň hünärmenleri, baş hünärmenler, kärhananyň gurluş düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary, kärdeşler arkalaşygyň we (ýa-da) işgärleriň beýleki wekilçilikli edarasynyň wekilleri girýär.

Iş orunlarynyň synagy haçan we näçe wagtdan geçirilýär?

Iş orunlarynyň hünär synagyny geçirmegiň möhletleri zähmet şertleriniň we häsiýetiniň üýtgemeginden ugur alnyp bellenilýär, ýöne ol bäş ýylda bir gezekden az bolmaly däldir.

Iş orunlarynyň hünär synagy haýsy kadalaşdyryjy namalaryň esasynda geçirilýär?
Iş orunlarynyň hünär synagy Türkmenistanyň zähmet kodeksiniň Zähmet şertleri boýunça iş orunlarynyň hünär synagyny geçirmegiň tertibi hakyndaky birkysmy düzgünnamanyň şeýle-de Zähmet şertleriniň gigiýena klassifikasiýasy boýunça Sanitariýa kadalarynyň laýyklykda geçirilýär.

Iş orunlarynyň hünär synagyna haýsy iş orunlary degişli?

Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň talaplaryna laýyklykda kärhananyň ähli iş orunlary iş orunlarynyň hünär synagyna degişlidir.

Iş orunlarynyň zähmet şertleri boýunça hünär synagyny geçirmegiň yzygiderligi
1) Iş orunlarynyň hünär synagyny geçirmek üçin ýörite topar düzmek.
Iş orunlarynyň hünär synagyny geçirmek we degişli meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek boýunça topar döretmek barada kärhanyň direktorynyň buýrugyny taýýarlamak. Buýrukda toparyň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň wezipeleri we borçlary barada düzgünler, işleriň ýerine ýetirilmeli möhletleri beýan edilýär.
2) Hünär synagyndan geçirilmeli wezipeleri kesgitlemek.
Hünär synagyndan geçirilmegi zerur hasap edilen wezipeleriň sanawyny kesgitlemek. TDS 704-2010 belgili standartyna laýyklykda wezipeleriň sanawyny düzmek.
3) Iş orunlarynyň zyýanly ýa-da howply şertlerini ölçemek we anyklamak.
Indiki tapgyrda TDS-lary döwlet gullugy we hünär synagy topary tarapyndan sanawda bellenilen iş orunlarynyň instrumental barlaglary geçirilýär we bellenen tertipde delilnamalar taýýarlanylýar.
4) Hünär synagynyň kartalaryny düzmek.
Bu tapgyrda instrumental barlaglarynyň netijeleriniň delilnamasy esasynda iş orunlarynyň kartalary düzülýär we degişli meýilnamalar taýýarlanylýar.
5) Hünär synagynyň netijelerini resmileşdirmek.
Tapgyrda hünär synag toparynyň işiniň netijeleri boýunça iş beriji zyýanly (howply) iş şertlerinde (goşmaça tölegler, goşmaça iýmit önümlerini bermek, zähmet rugsadyna goşmaça güler, iş wagtynyň gysgalmagy, möhletinden öň irki pensiýa çykarmak) zähmet çekýändigi üçin öwezini dolmaga hukugy bolan işçileriň sanawyny buýruk bilen tassyklaýar.
6) Zähmet şertlerini gowulandyrmak boýunça çärleriň meýilnamasyny taýýarlamak.
Soňky tapgyrda işiň zyýanly we (ýa-da) howply şertlerinde işleýänleriň zähmet şertlerini gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy düzülýär. Meýilnama kärdeşler arkalaşygynyň wekili ýa-da onuň ýok ýerinde işgärler köpçüliginiň wekili bilen ylalaşylýar we iş berijiniň wekili tarapyndan tassyklanylýar.

Hünär synagyny we olaryň netijeleri boýunça degişli işleri bilen iş berijiler tarapyndan döwrebap zähmet şertlerini üpjün etmek, işgärleriň goraglylygyny ýokarlandyrmak, zähmet şertleri boýunça kepillikleri we ýeňillikleri bermek bilen işiň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly täze derejelere çykyp önümçiligiň we hyzmatyň hiliniň artmagyny we ahyrky peýdanyň ýokarlanmagyny gazanmaklyklyk ähli taraplaýyn bähbitli peýdanyň kepili bolup durýar.

Wepa Hommyev