Stressadurnuklylyk – bu işewürligi alyp barmakda esasy ugurlaryň biridir. Müşderiler, işgärler bilen işleşilende, öz önümçiligiňiz bar bolan ýagdaýynda ýa-da haýsydyr bir hyzmatlary hödürläniňizde, islendik ýagdaýda stressiň ýüze çykmagyna sebäpler döräp bilýär. Çig malyň üpjün edijiligindäki bökdençlikler, tölegleriň saklanylmagy, müşderilerden maglumatlary almakda kynçylyklaryň döremegi we ş.m. bularyň ählisi aladanyň we stresiň döremegine getirip bilýär.
Mysal üçin, sen kompýuterde işläp otyrsyň, kompýuter doňdy, sen welin işlenilen maglumaty saklap alyp galyp ýetişmediň. Şeýle ýagdaýlar hakykatdanam bolýar, razylaşman bilmersiň. Ýöne bu tehniki mesele, ony welin çözüp bolýar. Egerde size müşderi hyzmatlaryňyz üçin tölegi eýýäm üç aý bäri geçirmeýän bolsa? Önümiň we çig malyň ýa-da resminama üpjünçiliginiň wagtynda ýetişmeýänligi sebäpli, müşderiniň sargydyny ýetişdirip bilmeýärsiň we munyň esasynda ýüziň gyzarýar, möhletleriň tamamlanýar, taslamanyň jemlenip barýar sen welin işi ýerine ýetirip bilmän bir ýerde durmaly bolýarsyň.
Elbetde, obýektiw we obýektiwdäl sebäpler, fors mažor ýagdaýlar bolup bilýänligi düşnükli zat. Ýöne hut şu pursatda hem stressy dolandyrmak hökmanlygy ýüze çykýar. Aslynda, stressiň belli bir sebäpleri bar, stressli ýagdaýyň döretýän şertleriň ýüze çykmagy we stressiň döremegi. Stresse garşy durmak munuň özi şeýle şertlerde işlemek we ýaşamak ukybydyr. Mysal üçin seniň egindeşiň gerekli hardy wagty getirip ýetişmedi. Ýöne seniň atiýäçlyk çykalgaň bolmaly, eger ýok bolsa haýal etmän ony gözläp başlamaly. Ýüze çykan ýagdaýyň zyýanlylyk täsirini azaltmak maksady bilen gapdalyndan öz işiňi hem alyp barýarsyň.
Şeýle ýagdaýlarda ofisiň içinde “kömek ediň, halas ediň” diýen sesler bilen howsala düşmelidälde meseläniň çözgüdini tapmak bilen meşgullanmaly. Ynha şul hem stressadurnuklylykdyr. Munyň özi, ähli kynçlyklara garamazdan durnuklylyk bilen howpulman ýagdaýa görä degişli hereketleri dogry amala aşyrmaklykdyr. Bulary amala aşyrmaklyk üçin özüňe ynamly bolmaly hemde özüňi ele almagy başarmaly.
Agzalanlar boýunça birnäçe maslahatlar:
- Işde nämäniň sende stress döredýändigini anykla. Bu ýerde möhletler, gapmagarşylyklar, işler boýunça degişli jogaplary bolmazlygy ýa-da başga faktorlar mysal bolup biler. Mümkin boldygyça stressiň bu çeşmelerini azaltmaga ýa-da olardan gaça durmaga çalyşyň.
- Stressden baş alyp çykmany öwren. Dem alyş türgenleşikleri, ýoga ýa-da arassa howada gezelenç etmek ýaly köşeşmegiň birnäçe usullar bar. Öziňe gabat gelýänini saýla we ony yzygiderli amal et.
- Işiň we şahsy durmuşyň arasyndaky deň agramlygy sakla. Öz gyzyklanmalaryň, hobbi, dostlaryň we maşgalaň barada ýatdan çykarma. Olar saňa işden ünsiňi bölmeklige we gowy duýgulary almaklyga ýardam eder. Şeýle-de ukyňy almak, dogry iýmitlenmek we fiziki işjeňlik bilen meşgullanmak hem wajypdyr.
- Kömek edip biljek adamlary gözle. Kömek üçin öz işgärleriňize, ýolbaşçylaryňyza, ýardam etmek gulluklarynyň işgärlerine ýa-da hünärmen psihologlara kömek üçin ýüz tutmaklykdan utanmaň. Olar Saňa maslahat berip, seni diňläp ýa-da meseleleriň çözgüdi boýunça teklipleri berip bilerler.
- Ruhyňy belent tut. Ýagdaýa başga tarapdan seredip ondan gowy ýagdaýlary ýüze çykarjak bol. Mysal üçin, stressiň sebäbi seniň ösmegiň, goşmaça bir zatlar öwrenmegiň ýa-da wezipäniň ösmegi üçin sebäp bolup biler. Şeýle-de ýetilen sepgitler we üstünlikler üçin özüňe we beýlekilere minnetdarlyk bildirmegi unutma.