Povyshenie kvalifikacii zachem i kak eto delat

Häzirki zaman dünýäsinde hünär bilimlerine we başarnyklaryna talaplar yzygiderli ösýär.

Täze tehnologiýalar, kanunlar, standartlar we bäsdeşlik dürli ugurlardaky hünärmenleri başarnyklaryny we derejelerini täzelemäge we ýokarlandyrmaga mejbur edýär.

Hünär derejäni ýokarlandyrmak – bu öz hünär derejäňiziň durnuklylygyny saklamagyň we zähmet ýolyny ösdürmegiň usullarynyň biridir. Munuň özi siziň esasy hünär bilimiňizi çalyşman onuň üstini ýetirýän goşmaça ylym çeşmesidir. Hünär derejäni ýokarlandyrmak boýunça okuw hökmany ýa-da işgäriň şeýle-de iş berijiniň islegi boýunça bolup biler. Hökmany hünär derejäni ýokarlandyrmak boýunça okuw, işçileriň käbir kategoriýalary, mysal üçin lukmanlar, mugallymlar, aklawçylar we beýlekiler üçin kanun tarapyndan göz öňünde tutulýar. Islese, öz işleýän ugry ýa-da degişli ugurda bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmak isleýän islendik işgär hünär derejäni ýokarlandyrmak boýunça bilim alyp biler.

Hünär derejäni ýokarlandyrmak boýunça okuwlar dürli görnüşlerde amala aşyrylyp biliner: gündizki doly iş güninde, ýarym günlük ýa-da gaýbana, uzak aralykdaky (distansion) okuwy ýa-da utgaşdyrylan görnüşinde. Hünär derejäni ýokarlandyrmak boýunça okuwlar görnüşine baglylykda birnäçe sagatlyk möhletiden birnäçe aýa çenli dowam edip biler. Degişli okuwy gutarandan soň, işgäre bellenen görnüşdäki degişli okuwy geçendigi barada şahadatnama berilýär.

Hünär derejäni ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryň işgär we iş beriji üçin birnäçe peýdasy bar.

Işgär üçin:

  • Hünäre degişli aktual bilimler we başarnyklary almaklyk;
  • Zähmet bazaryndaky üýtgeşmelere uýgunlaşmak;
  • Bazardaky bäsdeşlige ukyplylyk we gymmatlylygy ýokarlandyrmak;
  • Eýeleýän wezipäniň we zähmet haklarynyň ýokarlanmagyna täsir etmek.

Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak iş beriji haýsy ýagdaýlara kömek edýär?

  • Işgärleriň netijeliligini we öndürijiligini ýokarlandyrmaklyga;
  • Ýalňyşlyklaryň derejesini we müşderiler hem-de gözegçilik edaralary tarapyndan bildirilýän nägilelikleri azaltmaklyga;
  • Kärhananyň imižini we abraýyny ýokarlandyrmaklyga;
  • Işgärleriň wepalylygyny we höwesini ýokarlandyrmaklyga.

Şeýlelik bilen, hünär okuwy hünäri boýunça üstünlik gazanmak isleýän islendik hünärmen üçin zerur we peýdaly prosesdir.  Hünär derejäni ýokarlandyrmak öz hünär derejäňiziň durnuklylygyny saklamagyň we täze zähmet şertlerine uýgunlaşmaklyga we karýeranyň ösmegine ýardam edýän gural hökmünde hyzmat edýär.