image

Bu ulgam näme üçin gerek? Taslamanyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli toplanan gurallary geljekde müşderiniň ulanyp bilmegi üçin.

Новая система состоит из перепроверки результатов после завершения проекта
Täze ulgam taslama tamamlanandan soňra netijeleri gaýtadan barlamakdan ybaratdyr

“Ýükli Kerwen” hususy kärhanasy — täze ulgam bilen iş alynyp barylan ilkinji kärhana. Häzirki zaman işewür dünýäsinde ulag we logistika kärhanalarynyň hyzmatlaryna uly isleg bildirilýär. «Ýükli Kerwen» HK-sy muňa aýdyň mysal bolup biler, kärhananyň hyzmatlaryna bolan islegiň artmagy, onuň giňelmegi we üstünlik gazanmagy bilen bu kärhana «Harman consulting» kärhanasy bilen maslahat hyzmatlary üçin şertnama baglaşdy. Dolandyryş pudagynda goldaw we maslahat beriş hyzmatlary bermäge gönükdirilen taslama, “Harman consulting” kärhanasynyň işgärleri tarapyndan ÝDweÖB-nyň goldawy bilen amala aşyryldy.

Üç aýyň dowamynda “Harman consulting” kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan “Ýükli Kerwen” hususy kärhanasynyň işlerine seljerme geçirdiler, häzirki ýagdaýlaryna baha berildi, töwekgelçilikleri we amatly faktorlary göz öňünde tutyp geljege çaklama berdiler.

Şeýle-de işgärleri dolandyrmak ulgamynyň diagnostikasy geçirildi, sebäbi kompaniýanyň esasy düzüm bölekleri işgärler bolup durýar. Diagnostika işgärleri dolandyrmak ulgamyndaky päsgelçilikleri anyklamaga we ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin ugurlary kesgitlemäge ýardam edýär. Taslamanyň çäginde işgärler üçin endikler boýunça okuwlar geçirildi, şahsy düzüm boýunça käbir resminamalar işlenip düzüldi we öň bar bolan resminamalara degişli düzedişler girizildi, Bitrix24 ulgamlary girizildi, işgärleriň özara gatnaşyklary şeýle-de kanagatlanma derejesi bahalandyryldy.

Bitrix
CRM Bitrix24

CRM Bitrix24-iň ulanylmagy ýolbaşçy düzüm tarapyndan meseleleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge we işgärleriň düzgün bozulmalarynyň öňüni almaga ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan “Ýükli Kerwen” hususy kärhanasy bu ulgamy girizdi we işde ulanylyşy boýunça okuw geçirdi.

“Ýükli Kerwen” hususy kärhanasynda meýilleşdirilen işler tamamlanandan üç hepde soňra, “Harman Consulting” kärhanasy täze dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagyny goldamak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirýär.