Kadry reshajut vse scaled

Islendik kärhananyň üstünligi belli bir derejede işgärlere bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem işgärleri saýlamaklyga uly üns berilýär. Häzirki zaman dünýäsinde iş gözleýänler we laýyk gelýän dalaşgärleri gözlemek bilen meşgullanýan rekrutorlar bar.

Eger siz ökde rekrutor bolmasaňyz onda, dalaşgärler bilen nädip söhbetdeşlik geçmeli?

Söhbetdeşligi geçirmegi başarmaklyk bu uly ylym. Munuň üçin ýörite okamaly, türgenleşmeli we kouçing boýunça endikleriň bolmaly. (Bu başarnyklar gündelik söhbetdeşligiň netijesinde alynýar.) Söhbetdeşlik bu geljekgi işgäre baha bermegiň wajyp ädimi bolup durýar. Sebäbi, söhbetdeşligiň dowamynda rekruter, nähili adamy işe alýandygyny bilmek isleýär, onuň taýýarlyk derejesini barlaýar şonuň üçin hem degişli soraglary berýär. Söhbetdeşligiň manysy hem söhbetdeşligiň dowamynda anyklamaly zatlarymyz bilmek we adam bilen gürleşen wagtymyz elimizde eýýäm onuň anketasynyň, rezýumesiniň bolmagy name, nirde, haçan diýen soraglara jogap bolup biljek esasy punktlary bellige almaly. Haçan nirede name bilim alypdyr muny hem bilmek zerur. Söhbetdeşlik dalaşgäriň başarnyklaryny öwrenmäge we iş tejribesi barada bilmäge mümkinçilik berýär. Rezýumeni bir gezek gözden geçirip, şol dalaşgäriň öz kärhanasy üçin gabat gelýäni-ni ýa-da gelmeýäni-ni anyklap bilýän hünärmenler hem bar.

Ýöne sen öwreniji rekruter bolsaň, onda trubaşdan anketany öwrenip degişli bellikler etmek gerek. Ýene-de bir üns çekmeli zatlaryň bir hem, söhbetdeşlige taýýarlyk görülýän wagty berilen maglumatlary deňeşdirmek gerek, öň haýsy kärhanada işlän bolsa şol ýere jaň edip ol hakykatdan hem şol ýerde işläpdirmi ýa-da ýok.

Söhbetdeşligiň öz boluşly senariýasy döredilmeli, şol senariýa boýunça hem siz söhbetdeşligiň nämeden başlap nämede tamamlanjagyny anyk bilmeli. Ilki bilen dalaşgäri öziňizi tanadyň. Gürrüňdeşlik – adam üçin uly alada bolup durýar we söhbetdeşiňiz kim bilen gürleşmelidigini bileninde hem siziň adaňyzy we wezipäňizi aňsatlyk bilen unudyp biler.

Gürrüňiňiz bitarap bir temadan başlaň: howa, ýol. Dalaşgäre azyrak rahatlanmaga we sizde adaty bir adam görmäge mümkinçilik beriň.

Duşuşygyň görnüşi barada gürrüň beriň: duşuşygyň takmynan dowamlylygy, eger bar bolsa indiki tapgyrlary, dalaşgäriň soraglary üçin aýyrylan wagty.

Soraglara geçiň. Haçanda siz açyk soraglary beren wagtyňyz adam açylyp başlaýar. Prosesiň dowamynda onuň reaksiýalaryna, emosiýalaryna, mimkasyna, haýsy pozada otyrşyna seretmeli we şondan hem ol ýalan sözleýärmi ýa-da hakykaty aýtýarmy bilip bolýar.

Size kömek edip biljek mysaly soraglar:

  • Haýsy talaplar boýunça iş gözleýäniňiz barada aýdyp beriň? Siz üçin hakykatdan wajyp zat näme?
  • Biziň kompaniýamyz barada näme bilýärsiň? Öňki iş ýeriňizde sizi näme kanagatlandyrmady?
  • Öňki işlän ýeriňize jaň etsem bolarmyka? Öz öňüňizde nähili hünär maksatlaryny goýýarsyňyz?
  • Soňky ýolbaşçylyk eden taslamaňyz haýsy?
  • Onuň netijeli nähili?
  • Öz iň şowly taslamalaryňyz ýa-da ýerine ýetiren işleriňiz barada aýdyp beriň?
  • Öňki iş ýeriňizde sizi öňüňizde nähili maksatlar goýulypdy?
  • Hemme goýulan maksatlara ýetip bildiňizmi? (Şu soraglara berilen jogaplar dalaşgäriň jogapkärçilik derejesini we üstünlige ýetmekde goşan goşandy barada bilmäge mümkinçilik berer)
  • Öz zähmet ýoluňyzyň ösüşini nähili göz öňüne getirýärsiňiz?
  • Şu ýylyň dowamynda haýsy okuwlary we kurslary geçdiňiz?
  • Öwrenilenlerden nämäni tejribede ulanýarsyňyz?
  • Haýsy ýetilen üstünlikleriňize guwanýanyňyz barada aýdyp beriň. Durmuşa geçirip bolmadyk gowy pikirleriňiz barada aýdyp beriň.
  • Kim we nädip siziň zähmet ýoluňyzda size has köp täsirini ýetirdi?

Söhbetdeşligiň ortaça dowamlylygy 40-60 minut – adatça bu wagt dalaşgäri tanamaklyga we onuň teklip edilýän wezipä nä derejede gabat gelýänini kesgitlemek üçin ýeterlik bolýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda gozgalmagy maslahat berilmeýän temalar: Maşgala meseleleri boýunça öňde goýulýan maksatlar, milleti we raýatlylygy, dini ynanjy, politiki garaýyşlary, saglyk ýagdaýy.

Eger gelejekgi bir iş üçin dalaşgäriň käbir zatlar boýunça ukyplaryny bahalandyrmak gerek bolsa, onda barlag işini beriň. Ol ýumuş boldygyça tejribede gabat gelýän meselelere golaýlaşdyrylan bolmaly. Ýöne ilki başda söhbetdeşligi geçirmeli, soňra welin ýumuşy bermeli. Adam kim bilen gürleşýändigini, söhbetdeşligi kim alyp baýrandygyny, we işiň esasy talaplaryny bilmeklik zerurdyr. Belki siz bu dalaşgäriň size laýykdygyny eýýäm söhbetdeşligiň dowamynda anyklarsyňyz we barlag ýumuşyny bermegiň ähmiýeti hem bolmaz.

Ýene-de bir wajyp zatlaryň biri gyzyl baýdak diýip atlandyrylýar – bu söhbetdeşligiň dowamynda ýüze çykarylan göze görünmeýän prosesler, belki söhbetdeşiňiziň gözleri gyzyl, (bu bolsa adamyň zyýanly içgileri içýändigi ýa-da gijelerine oýun oýanaýandygy we ýa-da başga bir zatlar bilen meşgullygy barada aýdyp biler). Haçanda siz dogry sorag bereniňizde açyk jogap alýarsyňyz. Mesele, muny hemmeleriň etmeýänliginde.

Haçanda dalaşgäriň stres durnuklylygyny barlamak zerurur bolanda,  stres söhbetdeşligi hem bar, elbetde paýhaslylygyň çäklerinde. Ýöne käbir ýerlerde we wezipelerde bu hökmandäl.

Dalaşgäriň soraglary üçin wagt goýmaklyk hemişe zerurdyr. Olar boýunça köp netijeler çykaryp bolýar. Egerde dalaşgär soragynyň ýoklygy barada aýtýan bolsa onda bu onuň şu kärhanada işlemeklige kän isleginiň ýoklygy barada habar berýär. Iş beriji hökmünde, size dalaşgärden kärhananyň gelejekgi maksatlary we nazarlaýan ugurlary baradaky soraglary eşitmeklik wajyp bolup durýar.

Ýene bir dogry pursatlaryň biri, dogry korporatiw etikety. Söhbetdeşlige gatnaşany üçin minnetdarlyk bildirmek.

 

Websaýtyň bu bölümi USAID-iň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa taslamasynyň çäginde işlenip düzüldi. Maglumat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) üsti bilen Amerikanyň halkynyň goldawy bilen döredildi. Onuň mazmuny boýunça jogapkärçilik Winrock International guramasyna degişlidir we USAID-iň ýa-da ABŞ hökümetiniň resmi pikirlerini beýan edýän däldir.