thumb  692 0 0 0 auto

Çarşenbe güni, 12-nji iýulda paýtagtyň «Arçabil» myhmanhanasynda eksporty ösdürmek pudagybda konsalting güni geçirildi. Bu, Merkezi Aziýada söwda boýunça USAID maksatnamasy tarapyndan guralan işewür çäräniň çäginde, ýerli eksportçylara maglumat goldawyny bermek maksady bilen ORIENT media portaly bilen hyzmatdaşlyk boýunça taslamany işe girizmek dabarasy boldy.

Duşuşyga ýurdumyzyň dürli sebitlerinden telekeçiler – daşary ýurt bazaryna girmek isleýän öndürijiler, 30 kompaniýanyň ýolbaşçylary, şeýle hem geňeşçiler, döwlet edaralarynyň işgärleri we halkara guramalary gatnaşdy.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze öz çykyşynda Eksporty ösdürmek pudagynda konsalting gününiň Agentligiň agzalan maksatnamasynyň başlangyjydygyny we şuňa meňzeş çäreleriň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarda eýýäm üstünlikli geçirilendigini aýtdy.

BLK_2511.jpg

Hanym Nadiradze, geçen anna güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň we USAID-iň arasynda hususy pudagyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň eksportyny giňeltmek, ýurtda maýa goýum ýagdaýyny gowulaşdyrmak, aýallaryň we ýaşlaryň ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek, şeýle hem sanly tehnologiýalary, elektron söwdany we Türkmenistanyň işewürlik pudagynda innowasiýalary öňe sürmek maksady bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekendigini ýatlady.

Nino Nadiradze, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine maslahat beriş hyzmatlarynyň öndürijilere eksportyny gowulaşdyrmagyna nähili kömek edýändigini görkezmek maksatly bu çärä gatnaşmaga gyzyklanma bildirendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. USAID-iň wekili bu duşuşykda başlaýan media hyzmatdaşlygy başlangyjynyň bu ugurdaky ähmiýetini hem belläp geçdi.

BLK_2300-1.jpg

USAID-iň Merkezi Aziýadaky söwda maksatnamasynyň ýurt müdiri Rustam Bekmuradow eksporty ösdürmek üçin maglumat kampaniýasynyň başlandygyny habar berdi.

«MEDIA-TURKMEN» maglumat agentliginiň müdiri, ORIENT saýtynyň baş redaktory Bekdurdy Amansaryýew bu taslamanyň tanyşdyrylyşy bilen çykyş etdi.

Ol ilki bilen, taslamanyň durmuşa geçiriljek ýagdaýyny gysgaça beýan etdi.

BLK_2349-1.jpg

Dünýäniň geo-ykdysady keşbiniň we halkara howpsuzlygynyň binagärliginiň üýtgemegi bilen baglanyşykly harytlaryň we hyzmatlaryň hereketiniň däp bolan ugurlaryny täzeden gözden geçirmek, ýerlemegiň täze bazarlaryny we daşary ýurtly hyzmatdaşlary gözlemek zerurlygy ýüze çykýar.

Häzirki ýagdaýda, ilkinji nobatda, haryt eksport edijileri kynçylyklary başdan geçirýärler, ýöne aýratyn derejede – diňe daşary ýurt bazaryna çykmagy meýilleşdirýän kompaniýalar.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, kakasynyň we halypasynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny dowam etdirip, milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösüşine uly üns berýär. Şeýle hem, bu işe ýerli kompaniýalaryň halkara guramalary bilen özara täsiri kömek edýär. Olaryň arasynda USAID-iň Merkezi Aziýadaky söwda maksatnamasyna aýratyn orun berilýär.

– Biziň döwrebap taslamamyz hem hut şoňa esaslanan. Ol, biziň çaklaýşymyz ýaly ýerli eksportçy kompaniýalarymyzyň bäsdeşligini ýokarlandyrmaga, harytlaryň göwrüminiň we görnmüşiniň artmagyna, maýa goýumyň gowulanmagyna, elektron söwdany ösdürmäge, hususy pudaga IT-tehnologiýalary we täzelikleri girizmäge ýaradm eder, – diýip Amansaryýew aýtdy.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi, harytlaryň eksportyna gönüden-göni bagly bolan hyzmat pudagyny öz içine alar diýlip garaşylýar. Ýagny: türkmen kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň halkara ülňilere laýyklyk şahadatnamasy, marketing, ulag we logistika we beýleki hyzmatlar.

Bu, şeýle hem, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly başlanan işiň göz öňünde tutulmagynda ýurduň kiçi telekeçiliginiň mümkinçiliklerini we entek ulanylmadyk mümkinçiliklerini güýçlendirer,

BLK_2379.jpg

Bu hyzmatdaşlyk media kampaniýasy, ozal ORIENT saýty bilen hyzmatdaşlykda USAID-iň telekeçiligi we işewür gurşawy ösdürmek boýunça taslamasyndan tapawutlylykda, eksportçylar bilen işlemek üçin halkara geňeşçileriň, hünärmenleriň, söwda wekilhanalarynyň wekilleriniň we ş.m. gatnaşmagynda bir ýyllyk göz öňünde tutuldy.

– Taslamanyň çäginde, ORIENT saýtynda ýörite bölüm döretmek meýilleşdirilýär we bu ýerde habarlar, eksportçy kompaniýalaryň işgärleriň işleýän ýerlerinden habarlar, daşarky bazara haryt ibermekde ep-esli üstünlik gazanan kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen söhbetdeşlikler, ykdysady synlar we seljeriş materiallary, liderler baradaky makalalar we olaryň üstünliginiň taryhy, täze eksportçylaryň ýolunda ýüze çykýan kynçylyklar we olary ýeňmegiň usullary berler diýip, «MEDIA-TURKMEN» maglumat agentliginiň müdiri sözüni dowam etdirdi.

BLK_2395.jpg

– Telekeçileriň öz önümlerini halkara ülňüleriniň ýokary derejesine çykarmak we daşary ýurtlarda ygtybarly hem-de ökde hyzmatdaşlary gözlemek meselelerine möhüm orun berler diýip, Bekdurdy Amansaryýew aýtdy.

– Mowzuk mazmunyndan başga-da, surat we wideo materiallary: wakalaryň bolýan ýerinden suratlar we wideolar, eksport edýän kompaniýalaryň we önümleriň abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen mowzuklaýyn we mahabat rolikleri işjeň ulanylar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu materiallaryň hemmesi geljekde türkmen eksportçylarynyň baý maglumatlar binýadyny, şeýle hem ýerli eksportçylary birleşdirýän ýöriteleşdirilen gurluş döretmek üçin ulanylyp bilner.

BLK_2417.jpg

Konsalting gününde şeýle hem, Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Bankynyň Türkmenistandaky «Kiçi telekeçiler üçin» maksatnamalaryň baş menejeri Natalýa Akmuradowa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, söwda we eksporty ösdürmekde jogapkär Şamämmet Annaýew, kiçi türkmen telekeçilginiň ýolbaşçylary we kärhanalaryň wekilleri çykyş etdiler.

BLK_2286-1.jpg

Soňra, täze başlanlar we bar bolan eksportçylar üçin marketing we satuw ulgamlary, gaplama we marka, şahadatnamalandyrmak we eksporty höweslendirmek ýaly mowzuklary öü içine alýan bölümlerde maslahatlar geçirildi.

BLK_2503.jpg

Umuman aýdanyňda, bu çäre, oňa gatnaşyjylaryň pikiriçe, iş gurşawyny gowulaşdyrmakda we Türkmenistanda kiçi kärhanalaryň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin amatly şertleri döretmekde möhüm goşant boldy.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Orient Link: https://orient.tm/tm/post/57038/eksporty-osdurmek-pudagynda-konsalting-gununin-caginde-taze-media-taslamasy-baslady