Rezýumäni isle bir ýolbaşçy üçin ýa-da indi okuwy tamamlan uçurum üçin ýazýandygyňyza garamazdan, bu boýunça hökman ýerine ýetirilmeli hemme taraplaýyn düzgünler bar. Şonuň üçin hem sizde tejribe az ýa-da düýbünden ýok diýip ruhdan düşmäň. Özüňe iş tapmagyň akylly usuly bar.
Wajyp! Rezýume taýýarlanylanda gowsy, hatda agzalýan maglumatlary zähmet depderçesi bilen subut edip bolmajak hem bolsa dogryny ýazmaly. Bu näme üçin wajyp? Belki sizde öňki işleşen adamlaryňyzdan alan teklipleriňiz bardyr ýa-da siz meýletinçilik bilen meşgullansyňyz, bu bolsa zähmet depderçesinde bellenilmeýär.
Mundan başga-da, tejribe geçmezden ozal doldy däl iş güni bilen işlän ýerleriňiz ýa-da okuw ýyllaryňyzdan başlap, talyplyk ýyllaryndaky alyp baran çeper höwesjeňlik hereketleriňiz, repetitorlyk ýa-da başagada birnäçe degişli gyzyklanmalaryňyz we başarnyklaryňyz bolup biler.
Iş başarnyk mümkinçilikleriňiz barada habar berýän Soft hem-de Hard Skills (ýumşak hem-de gaty) endikleriňiz barada sanap geçiň. Başga bir söz bilen aýdanyňda, durmuşyňyzyň dürli etaplarynda gazanan islendik başarnygyňyz barada pikir edip olary rezýumäňizde beýan ediň.
Rezýume düzülende esasy ýalňyşlyklar zähmet çeken ýerleriňizde siziň rollaryňyzy beýan etmegiňizide ýüze çykýar şonuň üçin işlän ýerleriňizde haýsy işi ýerine ýetirip bu boýunça ýeten üstünlikleriňiz barada ýazmak gerek. Mysal üçin täze şahamça döredilip, işgärler kabul edilip, taslama işe girizildi. Mundan başga-da ýene bir meselem 5 işgärden ybarat kärhananyň işgär sanyny 200 işgäre ýetirdim, işgärler bilen dolandyrmak ulgamyny girizdim, üç ýylyň içinde 65 sany taslamany ýerine ýetirdim, satyşlygy 20000 den 500000 -e ýetirdim. Şeýle-de rezýume düzülende şu görkezijileri hem göz öňünde tutmaly. Mysal üçin öz şäherimize täze brend getirdim, şu brendi bazara ornaşdyrdym, ol meşhurlyga eýe boldy we satuw artdy.
Köpüräk anyk maglumat we sanalar – tassyklaýjy sözler, bu esasy görkezijilerdir.
Ýene bir gezek gaýtalap aýtsak islendik meýletinlik hereketler hökman agzalmalydyr we bölekleýin ýa-da doly iş üpjünçiliginde bolunandygyny görkezmek gerek.
Mysal üçin bir adam meýletinlik işleri bilen meşgullanypdyr we rezýumesinde haçan we haýsy wagtlarda işländigini görkezýär, ýöne iş tejribesi ýok emma onda meýletinlik boýunça alan tejribesi bar. Bu bolsa ol adamyň iş tejribesi bolmasada beýleki ugurdaş tejribeleriniň bardygyny tassyklaýar.
Hökmany ýagdaýda bilimler barada agzap geçmeli. Ähli geçilen okuwlar barada ýazmak zerurlygy ýok. Mysal üçin haýsy ýylda nähili okuw geçilendigini barada ýazmak ýeterlik.
Göz öňüne getiriň siziň eliňize iki sahypasy diňe geçilen okuwlar barada ýazylan rezýume düşýär beýle rezýumäniň zerurlygy barmy?
Rezýumede bar bolan şahadatnamalary ýa-da sertifikatlary görkezmek bolar, mysal üçin: ISO maslahatçy, hat-da sertifikatlaşdyrylan maslahatçy has gowsy hem bu zatlar ýyllar we sanlar bilen tassyklansa ýerine düşer. Ýada haýsydyr bolsa bir geňeşiň agzasydygyňyzy bellap geçmek bolar.
Eger siz üstünlik gazanmak isleseňiz her bir taýýarlanylan rezýume maksadyna görä bir birinden tapawutly bolmalydyr.
Eger siz ýerli kärhana üçin rezýume taýýarlaýan bolsaňyz meýletinlik boýunça hereketiňizi bir setirde egerde daşary ýurt kärhanasy üçin taýýarlaýan bolsaňyz onda bäş setirde görkezmeli.
Elbetde surat. Resminama üçin düşülýän ¾ — lik surat bu ýere gabat gelmeýär. Rezýume goýuljak surat hereketde ýylgyryp düşürilen janly surat bolmaly. Eger biznes tälimçi bolsaňyz onda eliniň mikrofonly çykyş edip durkaňyz düşülen surat hem gowy bolar. Suratyň bezegi we dizaýny hem talaba laýyk bolmaly. Mysal üçin iş beriji siziň rezýumeňizi eline alanyndan siziň kim bolup işleýäniňizi göz öňünde getirer ýalak, dizaýner bolsaňyz onda rezýumeňiziňi öz stiliňize görä bezäň, eger siz ofis menežeri bolsaňyz onda ähli zat ilkinji bakyşdan düşnükli bolmagyny gazanjak bolmaly.
Asyl rezýumeniň özi näme üçin gerek?
Hatda sen öz biznesiň ýolbaşçysy bolsaň hem täze söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin, talyplara okuwyň täze görnüşlerini ele almak üçin, maslahatçylara müşderileri öziň bilen tanyşdyrmak üçin.
Eger gazet-žurnallarda makalaňyz bar bolsa ony hökman görkeziň.
Ilkinjilik bilen nähili rezýumelere üns berilýär? Özüne çekiji arassa doldurylan rezýume.
Siziň bilesigelijiligiňiz, dile çeperligiňiz üçin höweslendiriji utuklary almaga mümkinçilik berjek goşmaça bölümleri goşuň
Iş beriji siziň yhlasyňyzy görüp biler ýaly ýazgyňyzda agzaýan zatlaryňyzy duýgy bilen çyn ýürekden beýan ediň.
Websaýtyň bu bölümi USAID-iň Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa taslamasynyň çäginde işlenip düzüldi. Maglumat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) üsti bilen Amerikanyň halkynyň goldawy bilen döredildi. Onuň mazmuny boýunça jogapkärçilik Winrock International guramasyna degişlidir we USAID-iň ýa-da ABŞ hökümetiniň resmi pikirlerini beýan edýän däldir.