Şu syýasat “Maslahatly çözgüt” hojalyk jemgyýetiniň (mundan beýläk – “Kärhana”) öňe sürýän ýörelgelerini aýdyňlaşdyrmak geljekde nazarlaýan maksatlaryny beýan etmek niýeti bilen kabul edildi.

Şu syýasatyň maksady kärhananyň nukdaýnazaryny beýan etmek bilen ýagny;

Hyzmatlaryň hili, wagt görkezijileri, döwrebap we geljegi nazarlaýan nusgawylygy bilen müşderileriň kanagatlanarlygyny ýokarlandyrmak. Müşderiler bilen işleýän işgärleriň bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak we bu ugurda ulanylýan serişdeleriň döwrebap sazlaşykly işini ýola goýmak;

Howpsuz iş şertlerini döretmek, iş prosesi döwründe döräp biljek howply ýagdaýlaryň öňüni almak ýada düýpli ýok etmek. Işgärlere berilýän tabşyryklary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan howply ýagdaýlara yzygiderli seljerme geçirmek we olaryň ýetirýän täsiri boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmek.

Ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň amala aşyrýan döwründe we kärhananyň gündelik durmuşynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa ýetirilýän zyýany maksimum azaltmak. Daşky gurşawyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça çärelere gatnaşmak we olary gurnamak.

Müşderiler tarapyndan kärhana ynanylan gizlin we beýleki maglumatlaryň hem-de kärhana tarapyndan şolar boýunça kabul edilen çözgütleriň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek. Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde, degişli çäreleri kabul etmek we döwrebap usulyýetleri ulanmak.

Agzalan maksatlary ýerine ýetirmek bilen dürli halkara standartlaryň talaplaryna laýyk gelýän üznüksiz kämilleşýän ulgamy kärhananyň düzümine doly girizmek.

Kärhananyň ähli bölümleri we ähli işgärleri agzalan talaplara boýun bolmak bilen şol talaplaryň bozulmasynyň öňüni almak boýunça hem-de talaplara seljerme geçirip olary hasda gowulandyrmak boýunça çäreleri yzygider durmuşa geçirýärler.

Kärhana öz işinde alynyp barylýan ähli işleri we hyzmatlary syýasatda agzalýan maksatlara ýetmek boýunça düzülen düzgünleriň, dessurlaryň, şertleşikleriň, gözükdirmeleriň we görkezmeleriň şeýle-de başga birnäçe kadalaşdyryjy namalaryň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmek bilen olaryň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Kärhananyň ýolbaşçy düzümi bilen birlikde ähli işgärleri özüniň wezipe ygtyýarlyklaryna baglylykda şu syýasatda agzalýan meseleler boýunça şeýle-de kärhananyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň hil görkezijilerine müşderileriň kanagatlanarlygyna işleriň howpsuz alynyp barylmagyna howpsuz iş şertleriniň üpjün edilmegine daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsiriň azaldylmagyna hat-da gowulandyrylmagyna, maglumatlaryň görnüşine we derejesine garamazdan olaryň howpsuzlygyny üpjün etmeklige jogapkärdirler.

Kärhananyň syýasaty gaýtadan seredilmek bilen ondaky meseleler özüniň döwrebaplygyny ýitirmelidäldir.

Kärhananyň syýasatynyň mazmunynyň, maksadynyň, düşündirilişiniň göwrüminiň, düzgünleşdiriş tertibiniň, jogapkärçiligiň üýtgemegi bu syýasatyň gaýtadan rejelenmegini talap edýär.